Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň edara binasynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçy düzüminiň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň degişli düzümleriniň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ulag-logistika, innowasion tehnologiýalar we port düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmanyň we ösdürmegiň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň dowamynda türkmen tarapy pudaklaýyn düzümleriň önümçilik-tehniki işleri hem-de portuň halkara üstaşyr kuwwaty barada giňişleýin tanyşdyrylyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge doly taýýardygyny tassyklady. Öz gezeginde, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň wekilleri bu saparyň türkmen tarapynyň çakylygy esasynda guralandygyny we taraplaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçün uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, soňky döwürde özara haryt dolanşygynyň 12 göterim ýokarlanandygyny statistiki görkezijiler bilen nygtadylar.

Gepleşikleriň barşynda GFR-nyň «RHENUS», «BENNING», «ETERNITY», «ZEPPELIN» we «EDISON TECHNOLOGIES» ýaly öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri anyk taslama teklipleri bilen çykyş etdiler. Hususan-da, sebitde konteýner daşamalaryny işjeňleşdirmek, port düzümini durnukly energiýa üpjünçiligi hem-de agyr ýük tehnikalary üçün akkumulýator enjamlary bilen üpjün etmek boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, milli flotyň düzümndäki gämileriň «Caterpillar» kysymly hereketlendirijilerine tehniki hyzmat görkezmek we abatlamak, täze enjamlary gurnamak hem-de döwrebap ýahtalary gurmak ulgamynda özara tejribe alşyldy.

Duşuşygyň jemleýji böleginde taraplar Hytaý Halk Respublikasyndan we Özbegistan Respublikasyndan ugradylýan hem-de Ýewropa gönükdirilýän üstaşyr ýük akymlarynyň Türkmenistanyň logistiki geçelgeleri arkaly daşalmagynyň ähmiýetini nygtadylar we munuň üstaşyr ýük dolanşygyny has-da artdyrmaga uly şertleri döretjekdigini tassykladylar. Öz gezeginde türkmen tarapy german işewürler toparlaryny gyzyklandyrýan ähli soraglara degişli tertipde jogap bermäge we portuň ugurdaş hünärmenleri bilen yzygiderli geňeşmeleri guramaga doly taýýardygyny mälim etdi.