Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük ilkinji döwlet sapary bilen Gruziýa bardy. Bu barada «Türkmenistan» elektron gazeti habar berýär.
Tbilisidäki Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde sapar mynasybetli Türkmenistanyň we Gruziýanyň döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Döwlet Baştutanyny Gruziýanyň resmi wekilleri hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary garşy aldy.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ýolbaşçylary bilen ikiçäk hem-de giňişleýin düzümdäki gepleşikleri geçirer. Şeýle hem türkmen-gruzin işewürlik forumyny we Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 16-njy iýulynda ýola goýuldy. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin berk binýat döretdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyrýan ilkinji döwlet sapary syýasy dialogyň dowam etdirilmegi we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyr hökmünde bahalandyrylýar.