Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady. Bu çäre mynasybetli Hormatly Prezidentimiz ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara gutlagyny ýollady. Ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň, Daşky gurşawy goramak mnistriniň, Hazar deňzi institutynyň direktorynyň, halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi eden çykyşynda Eýranyň ýedinji Hazar Sammitini geçirmäge taýýardygy barada habar berdi.
Ýurdumyz Hazar sebitiniň ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ulag-logistika, energetika, senagat, söwda ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlary öňe sürýär. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleri tarapyndan Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy boýunça Konwensiýa gol çekilmegi möhüm waka boldy. 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde täze mümkinçilikleri açdy. Forumda ulag, energetika, maýa goýum, innowasiýa we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabat şäherinde geçirilen altynjy Hazar sammiti Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi berdi. Türkmenistan Hazar deňziniň halkara ulag ulgamyndaky ähmiýetini hem yzygiderli ýokarlandyrýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň döwrebap mümkinçilikleri ýurdumyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda wajyp ulag-logistika merkezleriniň birine öwrülmegine ýardam berýär. Ol sebit döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge uly goşant goşýar.
Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girizilmegi bilen, ýurdumyzda her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni giňden bellenilýär.