Ýurdumyzda çalt depginde ösýän kärhanalaryň biri bolan, "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli görnüşli gämileri abatlamak işlerini ýerine ýetirýär. Gämi gurluşyk zawody ygtybarly we ýokary hilli işi üpjün edýän häzirki zaman tehnologiýalary we kuwwatly enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Gämi gurluşyk zawody Milli söwda flotumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň dürli görnüşli gämilerini düýpli, orta we ýeňil abatlaýyş işlerini üstünlikli amala aşyrýar. Düýpli abatlaýyş bu - gämileriň çydamlylygyny üpjün etmek we howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelmek üçin wagtal-wagtal alnyp barylýan abatlaýyş işleriň has giňişleýin görnüşidir. Orta abatlaýyş, düýpli abatlaýyş işleriniň arasynda ygtybarly işlemegi üpjün edip, ýeňil abatlaýyş bolsa, ownuk zeperleri çalt bejermäge we ätiýaçlyk şaýlary täzelemäge mümkinçilik berýär.
Ýokary derejeli hünärmenleriň hem-de işiň ýokary hilini kepillendirýän ösen tehnologiýalary ulanmak – gäminiň korpuslaryny bejermekden, gämileriň kaýutalarynyň içki interýerlerina çenli abatlamak işleriniň üstünlikli tamamlanmagyna öz aýratyn goşantlaryny goşýar.
Häzirki wagtda gämi gurluşyk zawodynda milli söwda flotunyň “Hazar” gämisinde we “Berk Dagdan” HK «Phoenix I» gämisinde düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär. Bu bolsa zawodyň iň ýokary derejede işleriniň ýerine ýetirýändigini görkezýär.
Şeýle hem, mälim bolşy ýaly, "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody "Atamyrat Nyýazow" tankeriniň abatlaýyş işlerini tamamlady. Bu tanker bir wagtda 4260 tonna (GT) nebit önümlerini daşamaga niýetlenendir. Bu üstünlik diňe bir ýerli hünärmenleriň ussatlygyny däl, eýsem “Balkan” gämi gurluşyk zawodynyň ýurdumyzda nebit önümleriniň eksportyny ösdürmekde möhüm ornuny eýeleýändigini görkezýär.