2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze — 2027-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Mejlisiň garamagyna ibermek ýaly möhüm meselelere seredildi. Şeýle hem mejlisde Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek, oba hojalygynda möwsümleýin işleri agrotehniki kadalara laýyk alyp barmak, Aşgabatda Ýewropanyň Medeniýet günlerini we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek baradaky hasabatlar diňlenildi.
Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň jemleri hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine we Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Pakistana boljak saparynyň taýýarlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işini döwrebaplaşdyrmak we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Mejlisde guramaçylyk meselelerine hem seredilip, birnäçe kadr çalşygy amala aşyryldy. Hususan-da, söwda toplumyndaky kemçilikleri üçin wise-premýer N.Atagulyýewe berk duýduryş bilen käýinç yglan edildi. Şeýle-de başga işe geçmegi sebäpli N.Agahanow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadylyp, bu wezipä D.Süleýmanow, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bolsa A.Kürtow bellendi. Mundan başga-da, B.Annaýew başga işe geçmegi sebäpli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylyp, bu wezipä demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedow bellendi.