Türkmenistanyň Prezidenti iki sany gury ýük gämilerini gurmak baradaky Karara gol çekdi

2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisi gurmak meýilleşdirilýär.

Häzirki günde ýurdumyzyň milli söwda flotynyň “Balkan”, “Magtymguly” we “Türkmenistan” gury ýük daşaýan gämileri ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurt portlaryna daşamakda yzygiderli hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Gury ýükler esasan hem Türkmenbaşy porty bilen Baku, Astrahan, Aktau portlaryň arasynda daşalýar. Şeýle-de “Balkan” gury ýük gämisi bilen Türkmenbaşy – Baku – Türkmenbaşy aralygynda konteýner fider gatnawlaryny amala aşyrylýar. 2022-nji ýylda Türkmenbaşy deňiz porty 684 sany gury ýük gämisini kabul etdi. Olardan 20 göterimi milli söwda flotuň gämisi bolup, 80 göterimi bolsa daşary ýurt gämileridir. Şu nukdaýnazardan belli bolşy ýaly, häzirki wagtda 5000-6000 ýük göterijilikli gury ýük gämilere uly islegleriň bardygyny bellemek bolar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki günde Hazar deňzinde goňşy Azerbaýjan döwletiniň 15-den gowrak, Russiýa Federasiýasynyň bolsa onlarça gury ýük gämileri halkara ýüzüşleri amala aşyrýarlar. Häzirki wagtda deňiz söwda flotumyzda bolsa 3 sany gury ýük gämileri bar.

Şeýle hem, 2019-2025-nji ýyllarda Ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi üçin gury ýük gämileriň we beýleki gämileriň gurluşygy göz öňünde tutulandyr. Soňky döwürde bu gämileriň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça daşary ýurt taraplary bilen birnäçe gepleşikler geçirildi.

Gämi gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de, gämi gurluşygy döwründe tehniki gözegçiligi amala aşyrmak we degişli enjamlary bilen üpjün etmek maksady bilen "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda gepleşikler alnyp barylýar.

Milli söwda flotyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň gatnaşmaga we harytlary import we eksport etmek üçin ygtybarly söwda ýollary bilen üpjün eder. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisini gurmak baradaky taslama, ýurduň agyr senagatynda bu maksada ýetmekde möhüm tapgyra birine öwrülýär.