2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda “Çarlak” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, paýdarlar jemgyýetleriň Buhgalteriýa hasaba alyş we maliýe hasabaty bölüm başlyklarynyň, hünärmenleriniň we Türkmenbaşy şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň, Türkmenbaşy şäher salgyt bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň Türkmenbaşy şäherindäki şahamçasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda amaly okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini, maliýe ulgamyny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we auditiň milli ulgamyny halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýändigi barada belläp geçildi.
Okuw maslahaty esasan şu aşakdaky mowzuklary öz içine aldy:
- Buhgalterçilik hasaba alnyşy ulgamy;
- Döwlet býujetiniň durmuş-ykdysady mazmuny we orny;
- Pul-karz gatnaşyklarynyň ösüşi;
- Salgyt kanunçylygy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetini has ýokary depginlerde ösdürmek maksady bilen, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sanly ulgamlary, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, içerki bazar hem-de eksport üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar we muňa aýratyn uly üns berilýär.
Döwrüň belentliklerini nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzyň her bir güni bize ajaýyp pursatlary, taryhy wakalary bagyşlaýar. Il-gününiň agzybirligini, halkynyň abadanlygyny baş maksat edinýän Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, berkarar Watanymyz gülläp ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär.