Agentliginiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmenleri Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyparyna okuw sapagyny geçirdi

2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmenleri tarapyndan Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony guramak hünäriniň talyplaryna “Innowasion tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy” atly mowzugynda okuw maslahaty geçirdi.

Okuw maslahatynyň dowamynda Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, elektron senagatyny kämilleşdirmekde, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde alnyp barylýan netijeli işleri barada Agentligiň hünärmenleri tarapyndan gürrüň berildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ähli taraplaýyn goldaw berilýär. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, sanly maglumatlary peýdalanmagyň, öwrenmegiň hem-de saklamagyň başarnyklaryny ösdürmek, başlangyç elektron maglumat goruny döretmek we ony maglumatlar bilen yzygiderli baýlaşdyrmak, şeýle hem maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmak barada aýdylylyp geçildi.

Şeýle geçirilýän çäreler hünärmenlerimize Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, ähli pudaklary innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmäge şertleri döreder.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi