Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (ÝDÖÝ) “Hazar deňiz gämiçiligi kompaniýasy” (ASCO) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine 60 million dollar karzy tassyklady. Bu barada bankda “Interfaks-Azerbaýjan” gullugyna habar berildi.
"Karz serişdeleri, halkara amallary giňeltmek strategiýasynyň bir bölegi hökmünde ASCO-ny iki sany gury gämisini satyn almak üçin ulanylar. Bu taslama ASCO-nyň Hazar deňzinden daşky halkara suwlardaky amallaryny giňeltmegine, Trans-Hazar ulag ýolunyň çäginde (Orta koridor) sebit aragatnaşygyny we söwda gatnaşyklaryny berkitmäge kömek eder.”- diýip, bankda mälim etdiler.
Hazar deňiz gämiçiligi kompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda deňizde ýük daşamagynyň mukdary 21% ýokarlandyrandygyny bellemek bolar.
Şu ýylyň 10 aýynyň dowamynda ASCO-nyň gämileri jemi 7,7 million tonna ýük daşady. Olardan: tankerde - 4,3 million tonna, paromda - 2,8 million tonna, gury ýük gämilerinde bolsa 600 müň tonna dürli görnüşde ýükler daşaldy.