Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby çapdan çykdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni welaýat häkimleri we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer bilen geçirilen iş maslahatynda türkmen ýaşlarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini görkezýän «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi.

Bu kitabyň neşir edilmegi, 27-nji dekabrda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň netijelerine bagyşlanyp geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata we sergä gabat gelýär.

Döwlet Baştutany, kitabynyň ilkinji nusgasyny türkmen halkynyň Milli Liderine iberýändigini aýtdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

“Zehinli, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer, her bir işe döredijilikli çemeleşýän ýaşlarymyz uly üstünlikleri, taryhy ýeňişleri gazandylar. Olar ýurdumyzyň dürli ulgamlarynyň ösüşini has-da öňe ilerletmekde öz güýç-kuwwatyny, irginsiz yhlasyny, Watana bolan söýgüsini siňdirip, döwletli işlere dahylly boldular”-diýip, kitap bilen birlikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberilen hatda aýdylýar.