2023-nji ýylda Astrahan portlaryndan 4 million tonnadan gowrak ýük daşalyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 50% ösüş gazanyldy. Şeýle maglumatlar sebitiň Senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Wolinskiý tarapyndan berildi.
Astrahan24 habar beriş çeşmesine laýyklyda, Ilýa Wolinskiý Astrahan sebitiniň halkara Demirgazyk-Günorta transport koridorynyň esasy logistika merkezidigini hem-de Russiýany Eýran we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen birleşdirýän belledi.
Ýük dolanyşygynyň köpelmegi birnäçe faktorlara, şol sanda geosyýasy şertleriň halkara ulag geçelgesinde hyzmatdaşlar bilen söwdanyň ösmegine itergi bermegi, Wolga-Kaspi deňiz gämi kanalynyň gazylmagy, onuň esasynda gämileriň çöketliginiň 4,5 metre çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilikleriň berilmegi, şeýle-de port toplumlarynyň döwrebaplaşdyrmagy bellemek bolar.
Ministr 2023-nji ýylda nebit, agaç we metal ýaly ýük görnüşleriniň işjeň daşalýandygyny aýtdy. Şeýle hem, Astrahan sebiti Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen Belarusiýadan we Russiýadan Eýrana däne ibermegini 2,5 esse artdyrdy. Däne önümleri takmynan 3000 kilometre çenli gara ýol we demir ýol arkaly daşalýar we soňra deňiz ýoly bilen daşamalar dowam edýär. Däneler we noýba önümleri konteýnerler arkaly daşalýar, konteýner dolanyşygy bolsa 300% ýokarlandy.
Eksportdan başga-da, esasan polimerlerden Eýrandan önümleriň importy hem ösýär. “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi arkaly üstaşyr daşamalar Sues kanaly bilen deňeşdirilende 30-40% wagty we çykdajylary tygşytlaýar.