Şu ýyl täze halkara gämi ýüzüşleri babatynda talaplar güýje girer

Russiýanyň gämi gatnaw deňiz registri (РМРС) resmi internet sahypasynda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýän Halkara Deňiz Guramasy (IMO), Halkara Klassifikasiýa Jemgyýetleri Assosiasiýasy (IACS) we beýleki guramalaryň täze resminamalarynyň we düzedişleriniň täzelenen sanawyny ýerleşdirdi.

Sanaw her çärýekde täzelenýär we bu resminamalary “Halkara çäreler” - “RS müşderilerine habar bermek” bölüminde görüp bilersiňiz.

Russiýanyň gämi gatnaw deňiz registriniň habar bermegine görä, bölümde Russiýanyň gämi gatnaw deňiz registriniň ygtyýarlyklary pudagyndaky halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyndaky üýtgeşmeler we registriň bilermenleriniň gatnaşmagynda dürli halkara çäreleriniň netijeleri barada iň täze maglumatlary bar.