“Wladimir Žirinowskiý” atly täze gurulýan gämi syýahat ugurlaryny giňeltdi

“Lotos” gämigurluşyk zawodynda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan “Wladimir Žirinowskiý” atly ýolagçy gämisi Hazar deňzi boýunça syýahat etjek ugurlaryny has-da giňeltdi. Bu barada rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri mälim edýär.

Gäminiň diňe bir Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň deňiz portlaryna däl, eýsem Türkiýäniň kenarlaryna hem syýahat etmegine garaşylýar. Mälim edilşine görä, 310 ýolagça we 90 ekipaž agzasyna niýetlenen ýolagçy gämi 4 deňiz boýunça 6 ýurda syýahat eder.

Şeýle hem, gämi Soçiniň we Noworossiýskiň portlaryna hem barar. Her biri iki orunlyk 155 sany amatly goşa kabinalary bolan gämi şu ýyl doly işe başlar.

Bu ýolagçy gämi ozal, “Pýotr Birinji” diýlip atlandyrylýardy. Geçen ýylyň dekabrynda bolsa, onuň adyny Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ozalky lideriniň adyny dakmak kararyna gelindi.