Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow Merkezi Aziýa halkara institutynyň direktory Žawlan Wahabow bilen duşuşdy. Duşuşykda özbek-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň gelekki ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşykda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljegi garadylar. Şeýle hem iki ýurduň bilermenleriniň we seljeriş toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy goşmak bilen ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşdylar.
Taraplar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň umumy taryhyň we medeni gymmatlyklaryň berk binýadyna esaslanýandygyny aýtdy. Söhbetdeşler ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine-de ünsi çekdiler: geçen ýylda söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagy, Şawat-Daşoguz serhet söwda zolagyny döretmek boýunça bilelikde alnyp barlan işler, şeýle hem ýurtlaryň ulag-logistika torlaryny we köpugurly ulag geçelgelerini döretmekdäki özara gyzyklanmasy bellendi.
Duşuşygyň ahyrynda Merkezi Aziýa halkara institutynyň direktory we türkmen diplomaty ylmy ugurda we bilermen alyş-çalyşlaryny işjeňleşdirmek maksady bilen iki ýurduň hem-de daşary ýurtlaryň alymlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri we “tegelek stol” maslahatlaryny geçirmegi ylalaşdylar.