Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki konsullyk edarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Russiýanyň Hazarýaka sebitindäki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary hem-de Magtymguly adyndaky orta mekdebiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Astrahandaky konsullyk edarasy habar berýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynda konsullyk edaranyň attaşesi Enegül Kakajanowa täze kitabyň möhüm ähmiýeti, Watanymyzy ösdürmekde ýaşlaryň tutýan orny barada giňişleýin belledi.
Çäräniň dowamynda şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän şu ýylyň baş şygarynyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýeti barada durlup geçildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda Astrahan sebitinde bilim alýan türkmen ýaşlary hem çykyş etdiler.