Ýewropa bileleşiginiň hem-de “Ýewropa — Kawkaz — Aziýa” ulag geçelgesini guramak boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň gümrük edaralary elektron hyzmatlaryň bitewi portalyny döretmek boýunça çarçuwaly ylalaşygy taýýarlaýarlar.
Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet gümrük kommitetiniň baş müdirliginiň gümrük kadalaşdyryş deportamentiniň ýolbaşçysy Jafar Guluzade habar berdi.
“Azerbaýjanda biz ähli zerur döwletiçi işlerimizi ýerine ýetirdik. Häzirki wagtda halkara üstaşyr geçelgesine gatnaşýan türki dilli ýurtlaryň hem işlerini tamamlamaklaryna garaşýarys. Ondan soňra gümrük gulluklarynyň bitewi üstaşyr portaly dörediler. Häzirki wagtda degişli çarçuwaly ylalaşygy taýýarlamak boýunça işler dowam edýär” diýip ol belledi.
TRASEKA maksatnamasyny döretmek boýunça başlangyç ilknji gezek 1993-nji ýylyň maý aýynda Brussel şäherinde Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň söwda hem-de ulag ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda öňe sürüldi.
Maslahata gatnaşyjylar Brussel jarnamasyny kabul etdiler. Bu resminama TRASEKA sebitara tehniki goldaw bermek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga berdi.