Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Turkmenistan is open” atly maýa goýum forumy we sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.
tMaýa goýum forumy bilen serginiň esasy maksady daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyrmak bolup, bu çäreleriň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň 26-27-nji iýunynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
t“Turkmenistan is open” atly sergä ýurduň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar.
tTürkmenistanda öndürilýän dürli görnüşli azyk harytlar, ýagny et, şöhlat, guş eti, balyk, süýt, konditer, kakadylan miweleriň dürli görnüşleri, gök önümler, çörek önümleri, dürli görnüşdäki içgiler, ýeňil senagaty, elektronika enjamlary, dokma we maldarçylyk pudaklarynyň önümleri, söwda, bilim, çaphana we bezeg işleri, mebel önümleri, gurluşyk materiallary, mahabat, senetçilik we zergärçilik, tikinçilik önümleri we ilatyň sarp edýän hyzmatlary hem-de harytlary serginiň dowamynda görkeziler.
tMundan başga-da, Fransiýanyň Pariž şäheriniň “Hyatt Regency Etoile” myhmanhanasynda şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2024) geçiriler.