«Türkmendeňizderýaýollary» agentlinde zähmet çekýän aýal-gyzlarynyň arasynda «El hünäri - il gezer» atly bäsleşigi geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň we “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň bilelikde gurnamagynda “Çarlak” myhmanhanasynda “El hünäri il gezer” ady bilen türkmen milli el işleriniň amaly-haşam sungaty boýunça bäsleşigi geçirildi. Oňa “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň gelin-gyzlary gatnaşdy. Bäsleşigiň maksady, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny dabaralandyrmakdan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny giňden wagyz etmekden, nesilden -nesle geçip gelýän milli mirasymyz bolan el işlerini mahabatlandyrmakdan ybarat boldy.

Milli öwüşginlerde bezelen sahnada gelin-gyzlar türkmen milli el işleriniň dürli görnüşleri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýal-gyzlaryň edep-ekramy baradaky goşgulary, aýdymlary, ene hakdaky oýlanmalary, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan joşup çykan “Enä-tagzym mukaddeslige tagzym” atly kitabyndan alynan tymsallary, bilen çykyş etdiler.

Bäsleşikde eminler toparynyň gelen netijesine görä, has tapawutly çykyş edenler ýeňjiler diýip yglan edildi. Bäsleşikde “Balkan”gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Balkan sanly ulgamlary” gullugynyň kompýuter ulgamlaryna hyzmat etmek boýunça tehnigi A.Goňurjaýewa Baş baýraga, Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň medeni çäreleriniň çeper ýolbaşçysy H.Baýjanowa I orna, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ürgün ýükler terminalynyň talmany G.Kitjanowa II orna, Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň medeni çäreleriň guramaçysy III orna mynasyp boldular. Ýeňjilere Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň Hormat haty we gymmat bahaly hem-de höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.