"Türkmenistan" awiakompaniýasy şu ýylyň ýaz aýynda Aşgabat - London Gatwik ugra uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw ozal bar bolan Londonyň Hitrou aeroportuna amala aşyrylýan uçuşlaryň ýerini çalşar. 3-nji aprelden "Boeing 777-200LR" kysymly ýolagçy uçary degişli ugur boýunça uçuşlary hepdede bir gezek amala aşyrar diýip, dünýädäki awiakompaniýalaryň uçuş tertibindäki üýtgeşmeler bilen habarly etmäge ýöriteleşen "AeroRoutes" kompaniýasy habar berýär.
T5423 ASB1200 – 1510LGW 77L 3
T5424 LGW1655 – 0300+1ASB 77L 3
Londonyň Gatwik howa menzili (LGW), Angliýanyň paýtagt sebitine hyzmat edýän alty sany esasy howa menzilleriniň biri, Hitroudan soň bolsa, ýurtdaky iň işjeň ikinji howa menzilidir. Londonyň merkezinden takmynan 45 km uzaklykda ýerleşýän bu howa menzili "British Airways" kompaniýasy üçin merkez bolup hyzmat edýär. Bu ýere "Emirates", "Turkish Airlines" we beýleki iri awiakompaniýalaryň uçarlary gonýar we bu ýerden uçýar.