Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň Azerbaýjana saparynyň çäginde ýurtlaryň arasynda serhet infrastrukturasyny ösdürmek boýunça Hereket meýilnamasynyň tassyklanandygyny Russiýanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
5-nji martda Bakuwda Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Ali Asadowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň ulag ministri Witaliý Sawelýew hem gatnaşdy. Bu ýerde söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, maýa goýumlary artdyrmak, energiýa, senagat, gämi gurluşygy, oba hojalygy, ýokary tehnologiýa hem-de innowasiýa pudaklarynda özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ulag pudagyndaky, şol sanda howa we ýol aragatnaşygy ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesini ösdürmek meýilnamalarynyň aýratyn ara alnyp maslahatlaşylandygy bellendi.
Mihail Mişustiniň belleýşi ýaly, ulag we logistika özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryndan biridir. Hususan-da, ýurtlaryň arasyndaky serhet geçelgeleri döwrebaplaşdyrylýar, onuň işe girizilmegi bilen bu ýerden günde 3 müňe çenli awtoulag geçer. Mundan başga-da, Azerbaýjandan geçýän «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň günbatar ugrunyň ösüşini gazanmak ugrunda ähmiýetli işler alnyp barylýar.
Duşuşygyň netijesinde rus-azerbaýjan döwlet serhedi hem-de onuň bilen bagly çemeleşmeler arkaly «Ýarag-Kazmalýar» (Russiýa Federasiýasy) – «Samur» (Azerbaýjan Respublikasy) gözegçilik nokadyndaky Samur derýasynyň üstünden geçýän köprini işletmek we abatlamak tertibi barada Hökümetara ylalaşyga gol çekildi. Rus-azerbaýjan döwlet serhedindäki barlag nokatlaryny ösdürmek boýunça Hereket meýilnamasy hem tassyklandy.