Hytaý Russiýanyň demirgazyk-gündogarynyň ulag infrastrukturasyna 33 milliard dollar maýa goýýar

Port infrastrukturasyny ösdürmek we birnäçe täze demir ýol köprülerini gurmak ýaly 187 taslamalary üçin serişdeleri bölünip berildi. Hytaý Halk Respublikasynyň Ulag ministrliginiň bellemegine görä, bu Dalýanyň konteýner dolanyşygyny 12% ýokarlandyrar. 

“Dalýan, Amerikanyň, Ýakyn Gündogaryň, Hindistanyň we Päkistana umman marşrutlaryny işjeň ýagdaýda açar, bir ýylyň içinde bäş sany täze konteýner ýoluny goşar, şeýle hem deňiz we gury ýollary ulanyp, Hytaýyň-Ýewropanyň täze ugurlaryny döreder. Bu bolsa deňiz we demirýol intermodal ýük daşamagy 3 göterime ýokarlandyrar, şeýle hem port ýygymlaryny gowulandyrar” – diýlip, Hytaýyň ulag ministrliginde bellenilip geçildi.

Şanhaý 7,3 milliard dollarlyk täze “Sýaoýanşan” konteýner terminalynyň gurluşygy üsti bilen konteýner ýükleri dolandyrmakda öňdebaryjylygyny güýçlendirmek isleýär. “Loadstar”-yň habaryna görä, Hytaý 2024-nji ýylda ulag taslamalary üçin 173 milliard dollar maýa goýdy.