2023-nji ýylda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ýük dolanyşygy 2022-nji ýyly bilen deňeşdirilende 18 göterim ýokarlandy. Bu görkezijiler Russiýanyň federal gümrük gullugynyň giöişleýin maslahatynda aýdylyp geçildi – diýip portnews.ru habar beriş internet sahypsy habar berdi.
Gündogar-Günbatar ulag geçelgesiniň üsti bilen ýük dolanyşygy 1göterimden gowrak ýokarlandy we bu ugurda awtoulaglary daşamak iki esse artdy.
Federal gümrük gullugynyň habar bermegine görä, elektron görnüşinde tamamlanan üstaşyr deklarasiýalarynyň paýy 99 göterime ýetdi.
Russiýanyň Maliýe ministrliginiň başlygy Anton Siluanow 2024-nji ýyldaky esasy wezipeleri kesgitledi: dostlukly gatnaşyklary bolan ýurtlar bilen netijeli logistika geçelgelerini döretmek, serhetdäki ýük ulaglarynyň barlag möhletini 10 minuta çenli azaltmak. Mundan başga-da, Russiýa ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak we gözegçilik amallaryny çaltlaşdyrmak we başga-da halkara şertnamalaryna gol çekiljek ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär.
“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi, uzynlygy 7,2 müň km bolan Sankt-Peterburgy Eýranyň we Hindistanyň portlary bilen birleşdirjek multimodal ugur bolup hyzmat eder. Ol Ýewropany, Pars aýlagynyň ýurtlaryny we Hindi ummanyny Sues kanalynyň üsti bilen birleşdirýän deňiz ugruna alternatiwa hökmünde gurulýar. Halkara ulag geçelgesiniň günbatar we gündogar şahalary Eýranyň üstünden geçýär: günbatar şahamçasy Eýranyň üsti bilen Raştdan awtoulag gatnawy, gündogar şahamçasy bolsa demir ýol arkaly gatnawy göz öňünde tutulandyr. Bender Abbas porty Eýranda ugruň soňky nokady bolup, ol ýerden ýükleri deňiz arkaly Hindistana iberip bolar. Mundan başga-da, bu ugur Russiýadan Hazar deňziniň üsti bilen Eýrana deňiz gatnawy mümkinçiligi bilen işlenip düzüldi.