Hytaýda derýada elektrik energiýasynda işleýän “Minjiang Huiketin” ýolagçy gämisiniň birinji ýüzüşi amala aşyryldy

21-nji martda, “Fujian Shipbuilding Industry Group” kompaniýanyň şahamçasy bolan “Fujian Funing Shipbuilding Heavy Industry Co.” kompaniýasy Funszýan prowinsiýasynda diňe elektrik akkumulýatorlary arkaly işleýän ägirt uly derýa ýolgaçy gämisi bolan, “Minjiang Huiketin” birinji ýüzüşini amala aşyrdy. Bu barada “iMarine” habar beriş internet sahypasy habar berdi.

“Minjiang Huiketingiň” gämisiniň uzynlygy - 40 metr, ini – 10,10 metr bolup, taslama çümüjiligi 1,20 metr, tizligi - 6.5 uzel we iň ýokary tizligi azyndan 10 uzel bolup durýar.

Minszýan derýasynyň nawigasion şertlerini göz öňünde tutup, bu ýolagçy gämisi B derejeli meýdançada ýüzüşi amala aşyrýan syýahatçylyk gämisiniň talaplaryna laýyklykda taslamalaşdyrylyp, ýolagçy gatnatmak hyzmatlaryny amala aşyrýar.

Ýolagçy gämisi özüniň sazlamalary we meýilleşdirilmegi boýunça Fuçžou-yň gadymy binagärlik medeniýetini kabul edip, Funszýan prowinsiýasynda elektrik gämileriniň esasy görkeziji taslamasy bolup durýar. Gämi diňe akkumulýator batareýasyndan işläp, daşky gurşawa hiçhili zyňyndy goýbermeýär we pes ses derejesine eýedir.