Koreý hyzmatdaşlary iň gowy hünärmenleri saýlaýarlar!

«Balkan» gämi gurlyşyk we abatlaýyş zawodynyň hem-de «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýaynyň arasynda hyzmatdaşlygynyň çäginde gämi gurluşyk pudagynda geljekki türkmen hünärmenleri saýlap almak boýunça täze tapgyr başlady.

Koreý hyzmatdaşlar «Balkan» zawodynyň işgärleriniň gämi abatlamakda eýýäm uly tejribä eýe bolan başarnyklaryna ýokary baha berdiler. Gämi gurluşyk işlerine laýyklyk şahadatnamalaryny almak üçin, “Bureau Veritas” halkara klassifikasion jemgyýetine nusgalyklar seljermek üçin ugradyldy.

Bu möhüm waka, türkmen hünärmenleriniň ýokary hünär derejesini tassyklap, olaryň hünärleriniň mundan beýläk hem ösmegi üçin täze mümkinçilikler açýar.

Saýlap almak amaly ýumuşlar we söhbetdeşlikler görnüşinde birnäçe tapgyrda geçiriler. Saýlawyň netijelerine görä, iň oňat türkmen hünärmenleri tejribeli koreý inženerlarynyň ýolbaşçylygynda tälim alarlar.

Bu hyzmatdaşlyk, türkmen gämi gurluşygyna täze derejä çykmaga, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, gämileriň hilini ýokarlandyrmaga we önümleriň görnüşini giňeltmäge mümkinçilik berer.