“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde, talyp ýaşlaryň arasynda Türkmenbaşy şäher Prokuraturasynynyň, Türkmenbaşy şäher Polisiýa bölüminiň, Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Ýaşlara ynam geljege gadam” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygyň dowamynda çykyş edenler watansöýüji, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary ýetişdirmek üçin uly aladalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlaryny aýtdylar.
Parahatçylygyň we ösüşiň röwşen ýolundan bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň bagtdan paýly ýaşlarymyzyň hak howandary hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowana ýollarda mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.