Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan täjik çagalaryna sowgatlar berildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, dokma önümleri, çaga eşikleri we konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistan Respublikasyna iberildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 4-nji aprelde degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen kabul edildi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün Duşenbe şäheriniň "Istiklol" lukmançylyk toplumynda dostlukly täjik halkynyň çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alnyp geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň şu günler Duşenbe şäherinde bolýan Hökümet wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň resmi wekilleri gatnaşdylar. Sowgatlary gowşurmak dabarasynyň dowamynda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlary dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Bu ýerde çykyş eden täjik tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Liderine täjik çagalaryna sowgat hökmünde berlen dokma hem-de konditer önümleri, egin-eşikler, derman we lukmançylyk serişdeleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.