1987-nli ýylda A.600(15) Rezulýasida deňizde howpsuzlygyň, hapalanmagyň we hilegärligiň öňüni almak maksady bilen gämilerde we ýüzýän desgalarda Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) belgisini ulanmaklyk kabul edildi.Eýeçiligiň görnüşine we baýdagyň haýsy döwlede degişlidigine garamazdan gäminiň ulanyş döwründe bu belgi gämide hökman bolmalydyr.
Halkara Deňiz Guramasy tarapyndan 1994-nji ýylda kabul edilen karar esasynda SOLAS HK-nyň XI/3 bölüminde görkezilişi ýaly hökmany ýagdaýda umumy sygymlylygy 100 ton bolan ýolagçy daşaýan gämilerde we umumy sygymlylygy 300 tonna bolan ähli ýük daşaýan gämilerde bolmagy kabul edildi.
Bu karar 01.01.1996-njy ýyldan güýje girdi we bu belgi gämilerde bolmagy talap edilip başlandy. HDG-nyň 2013-nji ýylda kabul eden A.1078 (28) Rezolýusiýasynda balyk tutýan gämilerde meýletin ulanmaklyk kabul edildi. Bu belgi gämilerde we ýüzýän desgalarda görünýän ýerde bolmaly.
Mälim bolşy ýaly, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody gämileri abatlamak we gurmak boýunça hyzmatlaryny gün-günden kämilleşdirýär. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen şertnamanyň çäklerinde «Balkan» zawodynda ýakyn wagtda gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp barylar.
Ýagny, «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde guruljak ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileri üçin Halkara deňiz guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde «IMO Resolution A.1078» (28) rezalýusiýasyna laýyklykda IMO belgileri alyndy.
1-nji gäminiň Imo belgisi: 1061154
2-nji gäminiň Imo belgisi: 1061166