«Türkmennebit» döwlet konserni şu ýylyň birinji çärýeginde önüm öndürmegiň meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdi

6-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 102,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy hem 100 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 109,4 göterime deň boldy. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,1 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem nebit we gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermekde gazanylan tehniki ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň, tebigy gazyň çykarylyşyny, eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanyp, nebiti gaýtadan işlemegiň, nebit önümlerini öndürmegiň meýilnamalaryny doly ýerine ýetirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany belledi we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.