Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramy 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde belleniler. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permana 8-nji aprelde gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Permanda onuň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklaryny gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.