15-nji aprelden Gazagystanyň ýük daşaýjylary Özbegistanyň elektron nusgadaky rugsatnamalaryny alyp bilerler

15-nji aprelden Gazagystan we Özbegistan ýük daşamak üçin rugsatnamalary elektron görnüşde alşyp başlarlar. Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda degişli Ähtnama gol çekilendigini habar berýär. Şol bir wagtyň özünde hem, rugsatnamalaryň Gazagystan bilen Özbegistanyň serhedinden geçilen wagty gönüden-göni beriljekdigi mälim edildi.

«Biz (Gazagystan we Özbegistan) eýýäm hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekdik we üstümizdäki ýylyň 15-nji aprelinden synag şertlerinde özara elektron alyş-çalşygy boýunça elektron rugsatnamalaryny bermek meýilleşdirilýär» — diýip, häzirki wagtda Samarkantda dowam edýän «Sanly ulag geçelgeleri» atly halkara forumda çykyş eden Gazagystanyň Ulag ministrliginiň wekili belledi.

Şol bir wagtyň özünde hem, Gazagystan bilen Özbegistanyň arasyndaky synag taslamasy diňe bir elektron rugsatnamalary alyşmagy üpjün etmek bilen çäklenmeýär. Synag taslamasynyň çäginde Gazagystanyň ýük daşaýjylarynyň belli bir serhet geçelgesinden geçende Özbegistandan «üçünji bir ýurda» hem rugsat alyp biljekdigi beýan edilýär.