“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Agentligiň wekilleri hem-de Royal IHC Niderlandlar Patyşalygynyň kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Brýusselde geçirilen ýokary derejeli ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan, ýurdumyz üçin ileri tutulýan meseleleriň biri bolan Türkmenistanyň içerki suw ýollarynyň, deňiz we derýa kanallarynyň düýbüni çuňaltmak meselesi barada aýdylyp geçildi.
Duşuşykda taraplar deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileriniň we läbik sorujylaryň bilelikdäki gurluşygy bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Agentligiň wekili myhmanlara agentligiň “Derýaýollary” paýdarlar jemgyýetinde döwrebaplaşdyrmaga degişli bolan gämi gurluşyk zawodynyň bardygyny, şeýle hem deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri we läbik sorujylary gurmagynyň mümkinçiligi barada myhmanlara gürrüň berdi.
Duşuşygyň ahyrynda Royal IHC kompaniýanyň wekiliýeti «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp, Türkmenistanyň gämi gurluşyk pudagy bilen tanyşdylar. Myhmanlar kärhananyň ähli önümçilik desgalaryna aýratynlykda aýlanyp gördüler we zawodyň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna haýran galdylar.
Wekiliýetiň saparynyň çäginde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekili we Royal IHC kompaniýasynyň wekiliýeti Lebap welaýatyna “Derýaýollary” paýdarlar jemgyýetinde deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri we läbik sorujylary gurmak meselesini öwrenmek üçin iş saparyny amala aşyrdylar.
1642-nji ýylda esaslandyrylan Royal IHC kompaniýasy, deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri we läbik sorujylary gurmak we taslamalaşdyrmak boýunça dünýäde öňdebaryjy kompaniýa bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu kompaniýanyň 90-dan gowrak läbik sorujylary ulanylýar.
Mälim bolşy ýaly, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň» Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygynda bolan iş saparynyň çäginde, Royal IHC kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen deňziň düýbüni çuňaldyjy gämilerini gurmak boýunça birnäçe duşuşyklar geçirildi.