Täze kitabyň tanyşdyryş dabarasyna bagyşlanan çäre

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy ” ýyly şanly wakalary peşgeş berýär. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan edilen taryhy ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininiň, jöwher paýhasynyň miwesi bolan “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi.

2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi hem-de Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde geçirilen çäre Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasyna bagyşlandy.

Bu dabara Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda gadymy şäheriň taryhy we medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýän - bu ajaýyp kitap barada Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik otrta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary çykyş etdiler. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabyň ýaş nesillerimizi watançylyk ruhda terbiýelemekde gymmatly hazyna bolup durýandygyny hem-de ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galmagynyň hatyrasyna alyp barýan işleriniň ylham çeşmesi bolup durýandygy üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç, galamynyň ýiti, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.