Türkmenistan bilen Hytaý Halk respublikasynyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäginde, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Hytaýyň öňdebaryjy «Weichai» iženerçilik korporasiýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda zawodyň wekilleri myhmanlary «Balkan» gämi gurluşyk zawodynyň ýerine ýetirýän wezipesi, önümçilik mümkinçilikleri we ýokary tehnologiýaly önümleriň köp görnüşi, ýagny zawodyň gurluşyk sehlary we gurluşyk meýdançalary bilen tanyşdyrdy. Myhmanlar esasanam zawodyň häzirki zaman önümçilik infrastrukturasyny we ösen tehnologiýalaryny aýratyn bellediler.
Şeýle hem, taraplar gelejekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri babatynda meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikleriň dowamynda “Saparmyrat Niýazow” gämisini döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar gämi enjamlarynyň tehniki aýratynlyklarynyň kämilleşdrilmegini göz öňünde tutup, esasy hereketlendirijileriň we dizel hereketlendirijileriň çalyşmagyň dürli ugurlaryna garadylar.
Mundan başga-da, myhmanlar “Saparmyrat Niýazow” gämisine baryp gördüler we döwrebaplaşdyryljak hereketlendiriji otagynyň we esasy enjamlaryň ýerleşdirilişini jikme-jik öwrendiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.