Baş direktoryň orunbasary jenap Çian Mingiň ýolbaşçylygyndaky "Hytaý demir ýollary" döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar.
Saparyň dowamynda myhmanlar portuň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy, şeýle hem, infrastrukturasy, tehniki enjamlary we gelejegi babatynda ösüşleriniň ugulary bilen tanyşdylar.
Deňiz portunyň wekilleri Hytaý wekilýetine ýolagçy-parom terminalynyň mümkinçilikleri, hyzmat edilýän parom gämi gatnaw ugurlary we parom hyzmatlaryny ösdürmegiň gelejegi barada gürrüň berdiler.
Saparyň netijesinde taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Hytaý wekilýeti Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşyp, Türkmenbaşy portuna ýokary baha berdiler. Olar portuň amatly geografiki ýerleşişini, häzirki zaman infrastrukturasyny we geljekde ösüş üçin möhüm potensialyny bellediler.