“Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024” atly III halkara forumy indiki hepde Astrahanda geçirilip, oňa Türkmenistanyň kompaniýalary, şol sanda deňiz söwda floty paýdarlar jemgyýeti hem gatnaşar.
Forumyň plenar gününde ulag pudagyna degişli hünärmenlerinden, ýagny hususy telekeçileriň, ýöriteleşdirilen birleşikleriň we döwlet edaralarynyň wekillerinden hasabatlara garaşylýar. Bu çärä deňiz portlarynyň, terminallaryň, ekspeditorlaryň, ulag-logistika kompaniýalarynyň, ýük eýeleriniň, gämi eýeleriniň, gämi gurluşykçylarynyň, ýöriteleşdirilen birleşikleriň, maýa goýum kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň we ýerli dolandyryş edaralarynyň 300-den gowrak wekiliniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň üstaşyr merkezi hökmünde ornuny eýeleýän “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň hem-de, Wolga-Kaspi ulag we logistika ekosistemasynyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Forumyň gün tertibinde halkara ykdysady gatnaşyklaryň üýtgemeginiň şertlerinde Hazar deňziniň ulag-logistikasy, Hazarýaka ýurtlarynda oba-hojalyk önümleriniň eksporty, Wolgada hem-de Hazar deňzindäki portlarynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly meseleler degişli bolar.