Iňlis «Fanvue» platformasy adaty bolmadyk gözellik bäsleşigini yglan etdi. Oňa diňe hyýaly zenanlar gatnaşyp bilýärler we hakyky durmuşdaky ýaly bahalandyrylýar. «Euronews» -yň pikiriçe, bu teklip barada köp sorag ýüze çykar.
Diňe emeli aň tehnologiýasy arkaly döredilen aýal-gyzlara niýetlenen «World AI Creator Awards» (WAICA) gözellik bäsleşigi «Fanvue» platformasy tarapyndan yglan edildi. Bu bäsleşige öz döredijiligiňizi hödürlemek bilen pul gazanmak bolýar.
«Fanvue»-nyň bäsleşiginde döredijiler hökmünde görkezilýänleri hem emeli aň tarapyndan döredilen hyýaly adamlardyr. Muňa mysal edip, 25 ýaşly, ispaniýaly model Aýtana Lopesi aýtmak bolýar. Ol durmuşda ýaşamaýar, emma bu «Aýtana» mahabat şertnamalarynda 10 müň eýro çenli gazanmaga päsgel bermeýär.
Lopez beýleki hyýaly modeller ýaly bäsleşigiň emin agzalaryna goşular. Başga-da, agzalar hökmünde biznesmen we PR menejer Endrýu Bloh we gözellik taryhyny öwreniji Salli-Enn Fosett çykyş ederler.
Bäsleşigiň esasy baýragy 5 müň nagt puly we 3 müň dollara deň bolan «halypalyk maksatnamasyny» öz içine alýar.
Bäsleşige gatnaşyjylara üç kategoriýa boýunça baha berler:
Daş görnüşi. Munuň özi «bäsleşigiň nusgawy talaplaryny, şol sanda gözelligi, özüňi alyp barşy we birnäçe soraglara üýtgeşik jogaplary bermegi» öz içine alýar.
Emeli aň gurallaryny ulanmak, ýagny «elleriň we gözleriň töwereginde görkezmeleri we wizual jikme-jiklikleri ulanmaklary».
Gatnaşyjynyň sosial ulgamlara täsiri. Ýagny, janköýerler bilen özara gatnaşygyň içginligi, diňleýjileriniň ösüş depgini we işinde dürli platformalary ulanmak.