ÝYB Ýewraziýa ulag geçelgelerine girýän ýollara bildirilýän talaplary utgaşdyrýar

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) metbugat gullugynyň habarynda ÝYB tarapyndan ulag serişdeleriniň rugsat berilýän agramy, ýükleri we gabarasy baradaky şertnamanyň taslamasynyň ylalaşylandygy aýdylýar. Bu talaplar Ýewraziýa ulag geçelgelerine girýän ýollara degişlidir. Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň energetika we infrastruktura ministri Arzybek Kožeşow ylalaşygyň ýerine ýetirilmeginiň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň tranzit mümkinçiligini ýokarlandyrjakdygyna ynamynyň uludygyny belleýär.

Resminama laýyklykda, Ýewraziýa ulag geçelgelerine girýän ýollarda hereket etmäge rugsat berilýän agramlary, ýükleriniň möçberi we ölçegleri bolan ulaglaryň geçmegi üçin birmeňzeş kadalaşdyryjy talaplara giriziler.

Bu şertnama 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde güýje girip biler. Sebäbi Bileleşigiň döwletleriniň wise-premýerleri tarapyndan şertnama gol çekmek çäresini ýylyň üçünji çärýeginde guramak meýilleşdirilýär.