TÜRKMENISTANYŇ RAÝAT AWIASIÝASY PUDAGY ÜÇIN HALKARA DEREJELI HÜNÄRMENLER TAÝÝARLANYLÝAR

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, ýokary hünär taýýarlykly işgärleri taýýarlamaga, okuw işine innowasion tehnologiýalary, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan degişli uçarlarda barlag-gözden geçiriş işleriniň ýola goýulmagyny gazanmak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda halkara talaplara laýyklykda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi