Murmansk oblastynda ýük daşamak üçin belarus porty gurlar

Belarus Respublikasy 2028-nji ýyla çenli Russiýanyň Murmansk sebitinde Belarusyň eksport ýüklerini daşamak üçin port terminalyny döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Muny Respublikanyň premýer-ministri Roman Golowçenko yglan etdi.

Onuň sözlerine görä, häzir işler işjeň ýagdaýda alnyp barylýar, eýýäm bu ugurdaky ilkinji resminamalara gol çekildi. «Häzirki wagtda deslapky dizaýn işleri durmuşa geçirilýär. Russiýanyň, hökümetiň we sebitiň ýolbaşçylaryndan ähli zerur tassyknamalar hem-de görkezmeler alyndy. Taslamanyň gerimi göz öňünde tutulyp, öň bellenen möhlet saklanyp galdy — taslama 2028-nji ýyla çenli dowam edýär» — diýip, Golowçenko belledi.

Şeýle hem, ol Minskiň bu taslamany Belarus eksportynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm hasaplaýandygyny aýtdy. «Biz Günbatar dünýäsiniň wekilleriniň logika gabat gelmeýän anomal hereketleriniň kynçylyklaryna ýa-da Baltika deňzinden çykmagyň petiklenmegine duçar bolup biljekdigine gowy düşünýäris. Şonuň üçin hem, Demirgazyk Buzly ummanyna çykmak — Belarus ýükleri üçin howpsuzlygyň doly kepilligi» — diýip, nygtaýan Golowçenkonyň sözlerini «Praým» köpçülige ýetirdi.