Aşgabatda «Türkmenistan — BAE» işewürlik forumy başlandy

Aşgabatda «Türkmenistan — BAE» işewürlik forumy geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdullah bin Tuk Al-Marriniň ýolbaşçylygyndaky dostlukly ýurduň hökümet we işewür gurluşlarynyň wekillerinden ybarat bolan uly topar türkmen paýtagtyna geldi. Gün tertibi iki ýurduň söwda, ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly köp sanly meseläni öz içine alýar.

Forumyň çäginde Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde guralan sergi diýseň täsirliligi bilen tapawutlandy. Sergi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda halkara maýa goýumlaryny we milli taslamalary durmuşa geçirmegiň ösüş depginini we netijeliligini aýdyň görkezýär.

Işewürlik forumynyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, energika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda hem-de beýleki birnäçe pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem, işewürlik forumynyň çäginde özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de güýçlendirilmegi üçin ikitaraplaýyn maslahatlar geçirilýär.