2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň gurnamagynda “Çarlak” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Etiki kadalary, dolandyryş işi we hukuk gatnaşyklary” atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň gelin-gyzlary, Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň Suw we ulag bölüminiň talyp gyzlary, Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy şäher şahamçasynyň , Türkmenbaşy şäher Saglyk öýüniň wekilleri gatnaşdylar.
Çärede çykyş edenler gelin-gyzlarymyzyň däp-dessurymyzy, milliligimzi wagyz etmek, durmuşda maşgalada zenanyň tutýan orny özüni alyp barşy , maşgala agzybirligi, gelin-gaýyn gatnaşyklary dogrusynda söhbet edildi.
Baý durmuş tejribesi bolan kümüş saçly enelerimiz gelin-gyzlarmyza dürli durmuş mysallaryň üsti bilen giň düşünje berdiler. Gelin-gyzlar durmuşda özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sorag-jogap alyşdylar. Okuw maslahaty örän gyzykly, täsirli, çekeleşikli geçdi.
Çäräniň soňunda gelin-gyzlarymyz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.