Türkiýeli aýdymçylar Sandal we Jejeli Arkadag şäherinde çykyş etdi

29-njy iýunda agşam «Arkadag Binasy» baýramçylyk meýdançasynda ýurduň sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy.

Konserte meşhur türk aýdymçylary Mustafa Sandal we Mustafa Jejeli hem gatnaşdy.

Tomaşaçylar Türkiýe Respublikasynyň sungat ussatlarynyň çykyşyny uly şowhun bilen garşyladylar. Olar meşhur estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Bu barada TDH ýazýar.

Biz ozal Türkiýeli meşhur aýdymçylaryň Türkmenistanda çykyş etjekdikleri barada habar beripdik.