Hormatly Prezidentimiziň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy

2022-nji ýylyň 4-nji martynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Çärä “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky ähli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, işgärleri, gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan Watanymyzyň abadan gelejegi, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy barada edýän aladalary üçin özleriniň ýürekden çykýan buýsanç sözlerini aýtdylar. Şeýle hem çärä gatnaşyjylar Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.