15-nji iýuldan 26-njy awgusta çenli Türkmenistanda orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek möwsümi dowam eder. «NewsCentralAsia» tarapyndan habar berlişi ýaly, şu ýyl dalaşgärlere hünärmen, bakalawr we magistr meýilnamalary boýunça täze taýýarlyk hünär ugurlary hödürlener.
Jemi ýedi ýokary okuw mekdebinde täze hünär ugurlary açyldy:
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti:
Magistr maksatnamasy – «oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyş»
Magistr maksatnamasy – «zootehnika»
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymlyçyk instituty:
Hünärmen we bakalawr maksatnamasy – «defektologiýa» – ýöriteleşdirilen bilim
Hünärmen we bakalawr maksatnamasy – «hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty» – pedagogiki bilim
Hünärmen we bakalawr maksatnamasy – «pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty» – pedagogiki bilim
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty:
Hünärmen maksatnamasy – «standartlaşdyrmak»
Hünärmen maksatnamasy – «metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak» (senagat pudagynda)
Hünärmen maksatnamasy – «seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk»
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty:
Bakalawr maksatnamasy – «halkara söwda»
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty:
Bakalawr maksatnamasy – «uçuş apparatlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy»
Bakalawr maksatnamasy – «howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki ulanylyşy»
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty:
Magistr maksatnamasy – «halkara arbitraž we işewürlik hukugy»
Türkmen döwlet medeniýet instituty:
Magistr maksatnamasy – «medeniýeti öwreniş»
Umuman alanyňda, geljek okuw ýylyndan başlap, ýedi uniwersitet 13 sany täze ugur boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga başlar.