Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesinde harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin 50%-e çenli arzanladyş yglan etdi. Bu barada Aktauda geçirilen ilkinji Demirgazyk-Günorta ulag söwda-eksport forumynda yglan edi.
“Russiýa, Türkmenistan, Eýran bilen bilelikde geçelgäniň gündogar şahasynyň mümkinçilikleri ösdürmek üçin ýol kartasyna gol çekdik” – diýip, Gazagystan Respublikasy bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky Hökümetara hyzmatdaşlyk toparynyň başlygy Serik Jumangarin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen bolan duşuşygynda belledi.
Mundan başga-da, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi üçin “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň gündogar şahasyny ösdürmäge gönükdirilen ileri tutulýan taslamalaryň çäginde rus hyzmatdaşlary bilen bilelikde integrasiýa infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçiriljekdigini belledi.