Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

30-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.

Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň oýlanyşykly daşary syýasy ugruna ýokary baha berdi. Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň BMG-niň howandarlygynda parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky başlangyçlaryny ähli tarapdan goldaýar. Biziň ýurdumyz ýaragsyzlanmagy, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmazlygy, ählumumy ýadro howpsuzlygyny üpjün etmegiň tarapdary bolup çykyş edýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy, Ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda möhüm şertnamalara gatnaşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçmek bilen, seýsmologiýa we monitoring ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Biz, öz gezegimizde, dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge ygrarly bolmak bilen, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähli goldawy bermäge taýýardyrys diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda nygtady we guramanyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýda berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.