30-njy iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri dostlukly ýurduň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. R.Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Öz nobatynda Eýranyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýan Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny beýan etdi.
Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.