Türkmenistanly lukmanlar Koreýa Respublikasynda kliniki okuw geçdiler

Türkmenistanly lukmanlar Pusan Milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylygy hassahanasynda dört hepdelik kliniki okuw maksatnamasyny üstünlikli geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda habar berdiler.

Okuwyň maksady koreý lukmançylygynyň öňdebaryjy kliniki nazaryýeti we usullary bilen tanyşmakdan, şeýle hem geçen ýyl başlanan bilelikdäki işi dowam etmekden ybarat boldy
Okuwlar 2024-nji ýylyň 1-26-njy iýuly aralygynda geçirildi.
Okuw maksatnamasyna gatnaşanlar uniwersitetiň koreý lukmançylygy, koreý dikeldiş lukmançylygy hem-de akupunktura lukmançylygy kafedralarynyň professor-mugallymlaryndan bilim we tejribe aldylar.
Dört hepde dowam eden okuw maksatnamanyň dowamynda Türkmenistandan gelen lukmanlar Koreýa Respublikasynyň birnäçe lukmançylyk merkezlerine, şol sanda, Standartlaşdyrmak we ösümlikler bilen bejergi etmek merkezine baryp gördüler.