“Türkmendeňizderýaýollary” iki sany Ro-Ro gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.   

Gämiler “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama, deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.   

Mundan başga-da, “Balkan” zawodynda gämileriň gurulmagy täze iş orunlarynyň açylmagyna, şeýle hem, türkmen inženerleriniň we işçileriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna we pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin şertleri döreder.

Bu bäsleşik barada giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen salgylardan alyp bilersiňiz:

https://www.isdb.org/project-procurement/tenders/2024/spn/design-supply-and-management-construction-two-ro-ro-rail-wagon-carriers

https://www.dgmarket.com/tender/84574923

https://business.com.tm/tm/info/7179/turkmendenizderyayollary-agentligi-basleshik-yglan-edyar

https://www.tmrl.gov.tm/tk/news/article/910