2024-nji ýylyň 21-nji awgustynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň direktory çykyş edip, Institutyň alyp barýan işi, okadylýan ugurlar, ýaş deňizçileri taýýarlamak boýunça jemgyýetçilik çäreleri barada prezentasiýa arkaly gürrüň berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ygrarlydyklaryny, hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmekligi dowam etmekligiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.